logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

EBEDI ŞÖHRATYŇ BEÝIK NUSGASY

Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr hem-de durmuş kadasyna öwrülen ýörelgeleridir. Dünýä taryhynda örän pajygaly döwür hökmünde giren 1941-1945-nji ýyllarda hem bu mukaddes kadalara berk eýerýän merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda batyrlygyň, watançylygyň belent nusgasyny görkezdiler, nesilleriň hormatyna mynasyp boldular. «Watan mukaddesligi» muzeýinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazga geçirmeginde «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» atly gepleşik geçirildi. Gepleşikde muzeý hünärmenleri hem-de ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary çykyş etdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem 1941-1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden Gahrymanlarymyz baky ýaşar diýip, örän jaýdar belleýişleri ýaly Watan ugrunda göreşen gerçeklerimize, urşuň yzynda galyp ýar ojagyny saklap oturan şeýle-de tylda zähmet çeken enelerimize hemişe uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzyň asudalygy, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn.