logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

EDEBI DOSTLUK–EBEDI DOSTLUK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hormatly Prezidentleriniň bilelikdäki goldaw-hemaýatlary netijesinde häzirki döwürde türkmen we özbek halklarynyň arasynda köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary barha ösdürilýär. Biziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar medeni-ynsanperwer ulgamda hem işjeň häsiýetde ösdürilýär. Medeni ulgamyň hyzmatdaşlygynda toplanan baý tejribe we hoşniýetli däpler bu ugurdaky gatnaşyklary dowam etmäge, iki ýurduň taryhyna, medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna gyzyklanmalary höweslendirmäge ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde «Daşkent» seýilgähi, Daşkent şäherinde «Aşgabat» seýilgähi guruldy. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň paýtagtlary doganlaşan şäherler hökmünde dostlukly gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler.

Gündogaryň beýik akyldarlary we danalary Magtymguly Pyragynyň hem-de Alyşer Nowaýynyň paýhasly eserleri dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda orun aldy. Aşgabat we Daşkent şäherlerinde Magtymguly Pyragynyň hem-de Alyşer Nowaýynyň ýadygärlikleri guruldy. Türkmenistanda özbek ýazyjy-şahyrlarynyň, Özbegistanda hem türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri terjime edilip, yzygiderli neşir edilýär.

Ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda özbek ýazyjy-şahyrlary Abdylla Aripowyň, Erkin Wahydowyň, Raul Parfiniň, Hurşyt Döwranyň, Hosiýat Rustamyň, Behzod Fazliddiniň, Zulfiýa Isroilowanyň, Ötgür Haşymowyň Nasyrjan Joraýewiň Tölepbergen Mätmyradowyň, Ybraýym Ýusubowyň, Rahima Şamansurowanyň, Mahfuza Imamowanyň eserleri, şeýle hem, Adyl Ýakubowyň «Ulugbegiň hazynasy» atly romany, Mirzaahmet Norbekowyň «Teýmirleňiň ömrüniň on iki güni» atly traktatlary we başga-da birnäçe eserler çap edildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda özbek halkynyň nusgawy we häzirkizaman şahyrlarynyň eserleriniň terjime edilmegi hem, türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň subutnamasydyr.


Akymyrat REJEPOW

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri