logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«EDEBIÝATYMYZYŇ GUWANJY» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY RAHMET SEÝIDOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 115 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP ÇEPER OKAÝYŞ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rahmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap, «Edebiýatymyzyň guwanjy» ady bilen çeper okaýyş geçirdi.Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmeni ussat şahyr Rahmet Seýidowyň ömrü we döredijilik ýoly barada hem-de onuň döreden eserleriniň many-mazmunynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Rahmet Seýidow XX asyr türkmen edebiýatynda özboluşly yz galdyran görnükli şahyrlaryň biridir. Şahyr özüni «Baharlar bagşysy» diýip atlandyrýar. Hakykatdan hem, şahyryň döredijiliginde türkmen tebigatynyň, aýratyn hem bahar paslynyň gözel görnüşi uly joşgun bilen beýan edilýär. Türkmen terbigatynyň gözellikleriniň wasp edilişi okyjylaryň kalbyny hem heýjana salýar. Kitaphana hünärmenleriniň bular barada beren täsirli gürrüňlerini ýaş nesiller uly gyzyklanma bilen diňlediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli edebiýatymyzy özüniň ajaýyp döredijilik eserleri bilen baýlaşdyryp, ebedileşdiren ýazyjy-şahyrlarymyza aýratyn hormat sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlaryny beýan etdiler.