logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Edep – terbiýe ynsan durmuşynyň bezegi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda “Edep – terbiýe ynsan durmuşynyň bezegi” ady bilen “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ata-eneler öz durmuş mekdebinden alan terbiýesini, ata-babalarymyzdan miras galan milli häsiýetleri çagalaryň kalbyna guýup, olarda gowy häsiýetleri terbiýelemekde we ösdürmekde görelde görkezmegi başarmalydygy, “Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini” diýip aýdylyşy ýaly, terbiýe meselesinde enäniň hyzmatynyň has-da uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, ata-babalarymyzyň çaga eziz, edebi ondanam eziz diýmek bilen watansöýüjilik, ynsanperwerlik, batyrlyk, halallyk, ýaly terbiýeçilik ýörelgelerini çaganyň kalbynda ol heniz sallançakdaka guýup başlanýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.