Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan golaýda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň ýazgy etmekliginde “Edep ynsan kalbynyň aýnasy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Edep-terbiýe adamzat jemgyýetiniň iň möhüm sütünleriniň biri bolup, ynsanyň içki dünýäsiniň aýnasy hasaplanylýar. Türkmen halkynyň asyrlardan aşyp gelýän baý medeni mirasynda, pähim-parasatly kitaplarynda we rowaýatlarda ýaş nesle berilýän terbiýe hem-de ahlak gymmatlyklary uly orun eýeleýär. Kitaplarda türkmen halkynyň gadymdan gelýän dost-doganlyga, goňşuçylyga, agzybirlige we birek-birege goldaw bermek arkaly kemala gelýän medeniýet wasp edilýär. Kitaphana hünärmenleri tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde şular hakynda täsirli gürrüňleri etdiler.