logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

EDERMENLIGIŇ BEÝIK NUSGASY

Mary welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda Sakarçäge etrabyndaky 45-nji orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Edermenligiň beýik nusgasy» atly söhbetdeşlik we göçme kitap sergisi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyñ Galkynyşly döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň her daban ýerini gorap, halkymyzyň mertebesini beýgelden Gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýulýar. Olaryň bagtyýar geljek üçin geren döşleri, görkezen gahrymançylyklary bu günki nesiller üçin nusgalyk görelde bolup durýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylykly ýollary, merdanalygy, ýanbermez erkleri, durmuş pelsepeleri we öz zähmeti bilen Beýik Ýeňşe saldamly goşant-goşan gelin-gyzlaryň, şu günki ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi, watansöýüjilik, mertlik, gahrymanlyk hakyndaky ýatlamalary, öwüt-ündewleri ýaş nesilleri ata Watany jan-tenden söýýän, bu mukaddeslikleri gorap saklaýan, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar edip kemala getirmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýete eýe bolýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watan gerçeklerimizi hormat goýup, sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.