logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Ekitap” atly elektron kitaphanasy

Hormatly Prezidentimiziň kitaphana ulgamyny ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylyp, Döwlet kitaphanasy tarapyndan “Ekitap” atly elektron kitaphanasy döredildi.

“Ekitap” mobil goşundysy okyjylaryň şahsy kitaphanasy bolup, onda dürli görnüşli elektron we audio kitaplar okyjylaryň ygtyýarynda bolar. Okyjylar islendik wagtda, islendik ýerden mobil öýjükli telefonlarynyň, kompýuterleriniň kömegi bilen, tiz wagtyň dowamynda özlerine gerek maglumatlary, kitaplary peýdalanyp bilerler.