HORMATLY PREZIDENTIMIZ ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASYNA GATNAŞDY
8-nji noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ählihalk bag ekmek dabarasy umumymilli çäreleriň iň möhümleriniň biri bolup, ýurdumyzyň ekologik abadançylygy ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Ählihalk bag ekmek dabarasy diňe bir ekologik çäre bolman, eýsem, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga ýardam berýän wajyp medeni-durmuş wakasydyr. Ol adamlarda, aýratyn-da, ýaş nesillerde tebigata aýawly garamak, daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini kemala getirýär. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek çäreleri giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup, täze seýilgähleri, tokaý zolaklaryny döretmäge, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle yzygiderli tagallalaryň netijesinde paýtagtymyzyň we Diýarymyzyň beýleki şäherleriniň daş-töwerekleri tokaý zolaklary bilen gurşalýar.
...Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halk köpçüligi bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine-paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bardy. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Türkmen arçasynyň ýaşynyň 12-nji dekabrda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni bilen gabat gelmegi özboluşly mana eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren däp-dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.
«Türkmenistan» gazeti