22-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.
Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzdaky tokaý zolaklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine, onuň tebigatynyň biologik köpdürlüliginiň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty geljek nesiller üçin durnukly, arassa tebigy gurşawy döretmegi maksat edinýär. Tebigaty goramak bilen baglanyşykly işlere halkymyzyň giňden çekilmegi bu syýasatyň wajyp ugrudyr. Ählihalk bag ekmek çäresi şeýle asylly maksatlary ilerletmäge hem-de jemgyýetimizde ekologik medeniýeti kemala getirmäge ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler halkymyzyň abadan durmuşynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda ata Watanymyzda arassa ekologik gurşawy döretmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.
...Şu günki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem halk köpçüligi bar.
«Türkmenistan» gazeti