Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda giň gerimli ylmy-amaly maslahatlar we ekologik çäreler geçirilýär. Bu forumlaryň esasy maksady tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, topragy we suw serişdelerini goramak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly milli strategiýalaryň wagyz edilmegine gönükdirilendir. Tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» we beýleki degişli kanunlar durmuşa geçirilýär. Milli Lideriň we Prezidentiň başlangyçlary bilen «Daşky gurşawy goramak» boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Şu gün Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli "Ekologiýa abadançylygy- adamzadyň bagtyýarlygy” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar we olar ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hem halkara ekologik talaplaryna laýyk gelýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalardyr desgalary, döwrebap seýilgähleri görkezmek bolar. Bu asylly işler daşky gurşawy goramak, ekologiýany abadanlaşdyrmak işleriniň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen ekologik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.