Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlap“Atamyrat” seýilgähinde “Ekologiýa abadançylygy – halkyň bagtyýarlygy” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri we bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde maslahatlar we ilatyň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksady tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan ösümlik dünýäsini has-da baýlaşdyrmakdan, özboluşly gaýtalanmajak gözel tebigatymyzy aýawly saklap, ony geljek nesillerimize has-da gözel görnüşe ýetirmekden ybarat. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz diýarymyzy gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.