Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlap “Atamyrat” seýilgähinde “Ekologiýa abadançylygy – sagdyn durmuşyň kepili” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi barada we bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ylmy-amaly maslahatlar we ilatyň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Ýurdumyzda ekologiýa gününiň giňden bellenilmegi daşky gurşawy goramak meselesine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýändigini hem-de halkymyzda, aýratyn-da ösüp gelýän ýaş nesillerde gözel tebigatymyza bolan söýgüni artdyrmakda ähmiýeti barada hem täsirli gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, Watanymyzy bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik, haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak hem-de tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.