logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

EL HÜNÄRI, IL GEZER

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar-sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtyny sapaly geçirýän ýaş nesilleriň arasynda «El hünäri il gezer» ady bilen «Aşgabat» teleýaýlymynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik ýazgy etdi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly gymmatly eserinden ýurdumyzda ýaş nesiller üçin durmuşa geçirilýän döwletli işler barada täsirli gürrüňler edildi.

Ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimiz bolan alaja işmek, keşde çekmek, jorap örmek ýaly hünärlerimiziň ähmiýeti dogrusynda hem söhbetler diňlenildi. Dynç alyşyny şadyýan geçirýän körpeje gyzjagazlarymyz merkezde hereket edýän, el-işleri gurnagyna höwesjeň gatnap, öwrenen işlerini ýerine ýetirdiler. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesiller üçin giň-şert mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary beýan etdiler.