logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

El hünäri-il gezer

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlar bölümi tarapyndan Aşgabat şäherinde ýerleşýän 83-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň arasynda “El hünäri-il gezer” atly söhbetdeşlik we göçme kitap sergisi gurnaldy. Kitaphana işgärleri körpe gyzlara milliligimiz bolan el keşdeleriniň her biriniň aňladýan manysyny, nagyşly joraplaryň dokalyşyny, şeýle-de älemgoşar reňkli sapaklaryň reňkleriniň boýalyş aýratynlyklaryny birnäçe rowaýatlaryň üsti bilen gürrüň berdiler. Mundan başga-da, kitaphanaçylar körpelere ertekili kitaplary köp okamaklygyň ähmiýetini düşündirip, ertekileriň gahrymanlarynyň batyrgaýlyk, edermenlik, bir sözlülik ýaly gowy häsiýetlerini özlerine siňdirýändikleri hakynda gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda körpeleri sergilenen neşirler bilen tanyş etdiler hem-de birnäçe türkmen halk ertekilerini okap berdiler.