logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

EL HÜNÄRI–IL GEZER

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “El hünäri–il gezer” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri nepis, ajaýyp el işlerimiz, olaryň aýratynlyklary, ulanylýan iňňe, ýüwse gaýçy ýaly gurallar, ýüpek sapaklary işmegiň usullary, nagyşlaryň aňladýan manylary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplaryndan birnäçe rowaýatlary okap berdiler.

Çäräniň dowamynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy.

Çäräniň ahyrynda milliliklerimizi ýaşlara has giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.