logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ELEKTRON KITAPLAR, ELEKTRON DÜNÝÄ

ELEKTRON KITAPLAR, ELEKTRON DÜNÝÄ

Dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan Lebap welaýat kitaphanasynda, gaznadaky kitaplary elektron görnüşe geçirmekde, kitaplary skaner etmek boýunça işleri yzygiderli alyp barýar. Esasanam köp soralýan kitaplar ýagny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri, çeper eserleri, ülkämize degişli kitaplaryň elektron nusgalaryny döredýär. Şeýlede kitaphana işiniň kämilleşmegi, okyjylara edilýän hyzmaty döwrebap ýola goýmak, okyjy çekmegiň täze usullaryny girizmek, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny ornaşdyrmak, kitaphanalarda işi döwrebap guramakda uly işler alnyp barýar.

Şeýle ajaýyplyklaryň sakasynda duran ylyma-bilime, kitaplara sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.