logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ENE KALBY MEŇZEŞ GÖZEL ÝAZLARA

ENE KALBY MEŇZEŞ GÖZEL ÝAZLARA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene kalby meňzeş gözel ýazlara» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler täze taryhy döwrümiziň binýadyny berkitmäge işjeň goşant goşýan zähmetsöýer zenanlarymyz döwletimiziň we jemgyýetiň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän türkmen zenanlarynyň hoşniýetlilik, sadalyk, wepalylyk, paýhaslylyk ýaly häsiýetleri hemişe sarpalanyp, hormatlanyp berkarar döwletimizde zenan mertebesiniň has-da belent tutulýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýaz paslyna meňzeş gelin-gyzlarymyzyň, ýüzi nurly enelerimiziň waspyny ýetirýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda mähriban zenanlarymyza çuňňur sarpa goýup, olara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.