7-nji martda paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.
Häzirki wagtda türkmen zenanlary ýokary jemgyýetçilik-syýasy derejä eýe bolup, olaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly kepillendirilýär. Olar taryhy-medeni mirasymyzy, dünýä siwilizasiýasynyň gazananlaryny gündelik durmuşynda sazlaşykly utgaşdyrýan demokratik, hukuk we gülläp ösýän döwletimiziň geljegini gurmaga işjeň gatnaşýarlar. Halkara hukuk giňişligine aralaşmak bilen, Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda adam hukuklary babatda möhüm halkara konwensiýalary we şertnamalary tassyklady hem-de olara goşuldy. Şolaryň hatarynda Aýallar babatda kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýa, Aýallaryň syýasy hukuklary hakynda Konwensiýa, Erkekleri we aýallary deň gymmaty bolan zähmeti üçin deň sylaglamak hakynda Konwensiýa, Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa we beýlekiler bar.
...Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlarynyň adyna iň gowy arzuwlar hem-de gutlaglar, olaryň mähri, yhlasy, jomartlygy, aladalary üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabarynyň dowamynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty zenanlaryň ýurdumyzyň döwlet, jemgyýetçilik, ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna, telekeçilikde, ylymda, sungatda, sportda öz mynasyp ornuny tapmaklaryna gönükdirilendir. Bu günki gün türkmen zenanlary ýokary bilim we hünär derejelerine eýe bolmak bilen, döredijilikli başlangyçlara mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz eneligi we çagalygy, maşgala gymmatlyklaryny goramak baradaky aladany ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça anyk işler amala aşyrylýar, eneligi, çagalygy goramaga, köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan goldaw bermäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistan» gazeti