Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde Balkan welaýat çagalar kitaphanasy tarapyndan «Eneler bir ýylgyrsa, giňeýär goja zemin» atly edebi-sazly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda enelere, zenanlara bagyşlanan goşgular, aýdym-sazlar okuwçylar tarapyndan höwes bilen ýerine ýetirildi.
Kitaphana işgärleri bolsa, ülkämize tebigatyň ähli gözelliklerini paýlaýan bahar pasly barada, ýaz ýaly ýakymly mähriban enelerimiz, bahar ýaly owadan gelin gyzlarymyz şeýle-de Halkara zenanlar baýramy barada gyzykly çykyşlar etdiler. Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek mukaddeslige tagzym etmekdir» diýen ajaýyp jümleleri bilen tamamlap, şeýle ajaýyp durmuşda bizi gülledip ýaşadýan mähriban Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!