logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ENELERE TAGZYM

ENELERE TAGZYM

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi «Siz Diýaryň, siz dünýäniň bezegi!» atly kitap sergisini gurady we «Enelere tagzym» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi «Siz Diýaryň, siz dünýäniň bezegi!» atly kitap sergisini gurady we «Enelere tagzym» atly söhbetdeşlik geçirdi. Bu sergide we söhbetdeşlikde kitaphanaçylar Altyn Çaryýewa, Gülşat Şamuhammedowa we Annajemal Orazowa dagylar çykyş etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym–mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Dünýä eneleriň mähribanlygyndan nurlanýar» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri her birimize görelde mekdebi bolmak bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ene mukaddesligi baradaky düşünjelerini çuňlaşdyrýar. Sungat bölüminde guralan sergide we söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň bu mukaddes kitabynyň gymmaty aýratyn bellenilip geçildi. Şeýle-de çykyş edenler 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen mähriban enelerimizi, eziz uýalarymyzy tüýs ýürekden gutladylar we eneleriň bagtyýar, perzentleriň bagtly bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza bimöçber alkyşlaryny aýtdylar.