logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ENELERIŇ KALBYNDAN DÖREÝÄNDIR BAHAR-ÝAZ, OLARYŇ HÜWDÜSINDEN YLHAM ALÝAR AÝDYM-SAZ

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem-de Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Eneleriň kalbyndan döreýändir bahar-ýaz, olaryň hüwdüsinden ylham alýar aýdym-saz» atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabaranyň dowamynda ýaşajyk kitap söýüji okyjylarymyz kümüş saçly enelerimizi, mähriban gyz-gelinlerimizi wasp edýän goşgulary, aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda beýan eden mähriban käbesi Ogulabat ejäniň türkmen zenanlaryna nusgalyk ömri baradaky ýatlamalary bilesigeliji okuwçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan kitaphananyň zenanlaryna ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda türkmen zenanlarynyň mertebesini belende göterýän, olara çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.