logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ERKINLIKDIR SENIŇ ARZYLY BAGTYŇ, OKA SEN ERTEKI BOŞ BOLAN WAGTYŇ

«Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş» merkezinde Lebap welaýat çagalar kitaphanasy dynç alýan çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmegini gazanmak maksady bilen meýilnama esasynda birnäçe köpçülikleýin çäreleri geçirýärler. Çagalar bilen geçirilýän sorag-jogap agşamlary olaryň sagdyn, belent ruhly ösüp kemala gelmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine öz täsirini ýetirýär. Bu ýerde «Erkinlikdir seniň arzyly bagtyň, oka sen erteki boş bolan wagtyň» diýen at bilen kitap sergisi hem gurnaldy. Çagalar sergi arkaly dürli ýyllarda çap edilen ertekiler bilen tanyşdylar. Dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan edýärler.