logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ertekiler - çagalaryň ruhy dünýäsiniň açary

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 118-nji çagalar bagynda «Ertekiler-çagalaryň ruhy dünýäsiniň açary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde kalby päkize körpeleriň eý görýän zady erteki bolup, ertekiler gowy häsiýetleriň kemala gelmeginde, ýaş nesilleri terbiýelemekde ähmiýetiniň örän uludygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ertekilerde beýan edilýän wakalar çagalar üçin örän gyzykly we özüne çekiji bolup, ýaş nesillerimizde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, gahrymançylyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp sypatlary terbiýelemekde gymmatly hazyna bolup durýandygy hakynda hem aýtdylar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaş nesillerimiziň döwrebap bilimli, terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.