Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda ýakynda Aşgabat şäherindäki 20-nji çagalar bagynda “Ertekiler çagalaryň ruhy açary” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Kitaphananyň hünärmeni körpelere erteki barada gürrüň berip, çagalaryň halaýan ertekileriniň gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen hereketlendirip kiçijik sahna oýunlaryny görkezdi. Çagalar oýna uly höwes bilen gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller barada uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.