logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 61-nji çagalar bagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ata Watanymyzyň ýaş nesilleriniň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, göwnejaý dynç almaklary, Watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem “Türkmen halk ertekili” kitabyndan bolsa birnäçe ertekiler okaldy we şol ertekileriň gahrymanlary we olaryň häsiýetleri barada sorag-jogaplar alşyldy. Bu geçirilen gürrüňdeşlik çagalarda uly täsir galdyrdy we çagalar özleriniň okan ertekileri barada gürrüň berdiler.

Ýurdumyzda bagtyýar nesillerimiziň şadyýan gülki sesleriniň hemişe ýaňlanyp durmagy üçin bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.