logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ertekiler dünýäsine syýahat

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 182-nji çagalar bagynda “Ertekiler dünýäsine syýahat” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanyň hünärmeni çagalara türkmen halk ertekilerden “Şadyýan horaz”, “Akylly Ahmet”, “Aldanan möjek”, “Öwez öýkelän”, “Ady barda özi ýok”, “Gorkana goşa görüner” ertekileri okap berdi. Çagalar ertekileri uly höwes bilen diňlediler. Soňra hünärmenimiz bilen çagalaryň arasynda gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlik çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.