Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda 53-nji çagalar bagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen çeper okaýyş geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmen halk ertekileri halkymyzyň asman-zemin ýaly çuňňur akyl-paýhasyny, ahlak kadalaryny we asylly ýörelgelerini özünde jemleýändigi hem-de çagalaryň söz baýlygyny artdyryp, ýatkeşligini we giň dünýägaraýşyny ösdürýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigi hakynda aýtdylar we birnäçe ertekilerden çeper okap berdiler.
Çäräniň ahyrynda körpe nesillerimiziň şatlygy, bagtyýarlygy ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.