Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 2-nji “Bagtly nesil” çagalar bagynda “Ertekiler dünýäsine syýahat” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde körpeje nesillere türkmen halk ertekilerinde beýan edilýän gahrymanlaryň ýagşylyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, dostluk-doganlyk ýaly gowy häsiýetleri hakynda ertekileriň üsti bilen çagalaryň sowal bermek, netije çykarmak we ugurtapyjylyk ukybynyň kemala gelýändigi barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakynda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.