logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ertekiler dünýäsine syýahat

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen çeper okaýyş geçirildi.

Çärede körpe nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, pähim-paýhas, mertlik ruhynda terbiýelemekde türkmen halk ertekileriniň ähmiýetiniň ulydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halk döredijiliginiň bu görnüşinde beýan edilýän wakalar çagalaryň geljek durmuş ýolunda gerek bolan endikleri, gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn orun eýeleýändigi hakynda aýtdylar we türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okap berdiler.

Çäräniň ahyrynda tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýan we hoş geçirmekleri üçin ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halk bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.