Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda paýtagtymyzda ýerleşýän 97-nji çagalar-bakja bagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen sesli okaýyş geçirildi.
Çykyş edenler türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan ertekileriň çaga terbiýesinde çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de körpeje nesilleriň arasynda ertekileriň birnäçe görnüşlerinden sesli okap berdiler we ertekilerdäki gahrymanlaryň keşpleri barada özara sorag-jogap alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda, geljegimiz bolan çagalar barada edýän aladalary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.