logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebinde “Ertekiler dünýäsine syýahat” atly göçme kitap sergisini geçirdi. Çagalaryň söýüp okaýan “Akpamyk”, “Böwenjik” atly türkmen halk ertekileri esasynda ýaş kitapsöýüjileriň taýýarlan sahna oýunlary arkaly ertekileriň içindäki oňyn häsiýetleri we çagalaryň döredijilik dünýäsini ösdürmäge, kitaplary okamaga, öwrenmäge höweslenýändigini görmek boldy.

Şol sahnada görkezilen ertekiler diňe bir gyzykly oýun däl, eýsem kitaplaryň ruhy we çeper nusgasy bolup, çagalar ertekileri sahnalaşdyrmak bilen kitaplaryň içindäki oňyn häsiýetleri we durmuş sapaklaryny has gowy öwrendiler. Şeýlelik bilen mekdep okuwçylarynyň çeken birnäçe erteki gahrymanlarynyň suratlary göçme kitap sergisi sazlaşykly utgaşdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.