logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

2025-nji ýylyň iýun aýynyň 25-ne «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Ertekiler dünýäsine syýahat» atly çäre gurnaldy. Çärämize dynç alyş merkezindäki bagtyýar çagalar gatnaşyp öz wagtlaryny hoş geçirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň sagdyn kemala gelmegi dogrusynda şeýle-de tomusky dynç alyş möwsümini hoş geçirmeklik üçin ähli şertler döredilýär.

Bu çärede Türkmen halk ertekilerinden şeýle hem daşary ýurt ertekilerini şeýlede bir kitapda iki dilde ýagny iňlis we türkmen dillerinde ýazylan ertekilerden ybarat bolan kitaplar bilen çykyş etdik. Çagalary bu iki dildäki neşir edilen kitaplarymyz diýseň gyzyklandyrdy.

Şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!