logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işler bölümi, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen göçme kitap sergisini gurnady.

Bu göçme kitap sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan türkmen halk ertekileri hem-de daşary ýurt dillerindäki ertekileriň türkmen dilinde terjime edilen kitaplary sergide goýuldy. Şeýle hem çagalara kitaphanalara gelip bilimlerini artdyryp kitap okamagyny maslahat berildi. Serginiň dowamynda çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soňra bolsa sergä gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.