logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli , sagdyn bedenli nesiller bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýörite meýilnama esasynda aýdym aýtmak, tans oýnamak, kitap sergilerini gurnamak, ertekilerden parçalary sahnalaşdyrmak, sport oýunlary ýaly çäreler guralyp, çagalarda ata Watanymyza, merdana halkymyza, hormatly Prezidentimize, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ösüşlere, halkymyzyň däp-dessurlaryna, milli toý baýramçylyklaryna söýgi, buýsanç döretmekde birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.