logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Bagtyýarlyk medeniýet öýleri bilen bilelikde «Altyn sümmül» çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bagtly çagalygyň mekany hasaplanýan meşhur Gökdere jülgesi her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem körpe nesillerimiziň ençemesine gujagyny giňden açdy. Bilşimiz ýaly Gökdere jülgesi jana şypaly arassa howasy, gaýtalanmajak tebigat gözellikleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Gojaman daglar, towlanyp akýan çeşme, salkyn jülge. Behişdi mekana öwrülen bu ýerde «Gökderäniň aýdymyny» dillerine sena edinen çagalar özleriniň iň bir gyzykly, ýatda galyjy pursatlaryny başdan geçirýärler. Aslynda tomus çagalaryň bagtyýar günlerini ömür kalbyna altyn harplar bilen ýazýan pasyldyr. Inä, çagalyk dünýäsiniň iň bir bagtyýar günlerini-tomus dynç alyş pursatlaryny ýurdumyzyň Gökdere jülgesinde ýerleşýän. «Altyn sümmül» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde geçirýän bagtyýar körpeler erkana, rahat dynç alýarlar, wagtlaryny gyzykly hem manyly geçirýärler. Dynç alyş merkezinde çagalaryň her bir güni göwün göteriji pursatlara beslenýär.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşaýan körpelerimiz üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman bolsun! Goý, çaga gülkileri hemişe belentden ýaňlanyp dursun.