Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, 56-njy çagalar bagynda “Ertekileriň jadyly dünýäsi” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileriň çaga terbiýesinde uly ähmiýetiniň bardygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriň birnäçesinden çeper okap, ertekileriň gahrymanlarynyň asylly häsiýetleri hakynda sowal-jogap alyşdylar.