Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 61-nji çagalar bagynda «Ertekileriň jadyly dünýäsi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Geçirilen gürrüňdeşlikde çagalary ýaşlykdan okaýyşa çekmek, olarda mertlik, zähmetsöýerlik, ruhubelentlik, adamkärçilik, dogruçyllyk we watansöýüjilik endiklerini terbiýelemekde türkmen halk ertekileriniň has uly orun eýeleýändigi barada aýtdylar. Şeýle-de çagalara dürli ertekileri okap bermek, ertekiler barada pikir alyşmak olaryň okaýyşa bolan höwesini artdyrýandygy barada belläp geçdiler hem-de birnäçe gyzykly ertekilerden gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň bagtly geljegi üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.