Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitphanasynda “Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti” hakynda “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde ýazgy edildi.
Çykyş edenler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimziň terbiýeli, aň-düşünjeli, ylym-bilimli, sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem, körpe nesillerde Watana, ene topraga, zähmete bolan söýgüniň ösmeginde, batyrlyk, dogruçyllyk ýaly asylly häsiýetleriň kämilleşmeginde türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygy, ertekilerde beýan edilýän wakalaryň çagalar üçin örän gyzykly we özüne çekiji bolup, ertekileri okan ýa-da diňlän ynsanlarda uly täsir galdyrýandygy hakynda giňişleýin durup geçdiler.