logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ESERLERIŇ IL GÖWNÜNI ŞAT EÝLÄR

Ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde türkmen realistik prozasynyň başyny başlan ýazyjylarynyň biri Nurmyrat Saryhanowy ýatlap onuň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlap “Eserleriň il göwnüni şat eýlär” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Edebi-sazly duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi halypa, şahyr zenan Bahargül Kerimowa, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Bazar Şalyýew gatnaşdylar. Geçirilen edebi duşuşykda kitaphana hünärmeni okuwçylara ýazyjynyň döreden eserleri we onuň maşgalasy hakynda gürrüň berdi. Nurmyrat Saryhanow özüniň gysga manyly ömründe türkmen halkyna hiç wagt gymmaty peselmejek ajaýyp eserleri miras galdyrdy. Onuň “Kitap”, “Şükür bagşy” eserleri türkmen edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi. Mähriban okuwçylar ýazyjynyň ýekeje Orazjemal atly gyzy bolýar. Orazjemal Saryhanowa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär. Orazjemal daýzanyň üç ogly bir gyzy bar. Duşuşyga gatnaşýan şahyr zenan Bahargül Kerimowa ýazyjynyň gyzynyň öz mugallymy bolandygyny hem kakasynyň suratyny ýadygärlik berendigini täsirli gürrüň berdi. Halypa şahyr Bazar Şalyýew hem “Kitap”, “Şükür bagşy” eserlerini gysgaça gürrüň berdi. Geçirilýän çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary halypalar bilen sorag-jogap alyşdylar. Mekdebiň göreldeli, zehinli okuwçylary Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda sahna oýnuny görkezdiler.

Çäräniň ahyrynda edebiýatymyzy, sungatymyzy ösdürmeklige goşant goşan şahsyýetleriň adyny ebedileşdirip, olaryň döredijilik ýoluny öwrenmeklige giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.