Eý, kuýaş, nuruň saçgyn, gam tününde zaryň men,
Saba päk demin alan päkize säheriň men.
Gözellik-görklilikde husny-mülkiň şasy sen,
Melallykda, külpetde sadyk hyzmatkäriň men.
Aýyp görme, seň yşkyňda ejiz bolsam eger-de,
Garrylyk ýüki basan zary bimydaryň men.
Özgeler deý hyzmat etmesem-de, bolmanda
Şolaryň hatarynda bir umydygäriň men.
Näçe ömrüm geçendir pyrkatdyr gam içinde,
Ýygladym gije-gündiz zary - bikararyň men.
Merhemet gözi bilen halyma nazar salgyn,
Kalbyň içre ýer tutan bir dogaňa zaryň men.
Islegim ýylynmakdyr seniň gyzgyn mähriňden,
Çünki Agahi ýanan yşkyň içre haryň men.
« EÝ, ŞOH, GÖZ – U GAŞYŇA ÄLEM GEDA, MEN HEM GEDA...»
Eý, şoh, göz–u gaşyňa älem geda, men hem geda,
Lagly lebi dür saçanda älem geda, men hem geda.
Kä garagyň jan alar, käte gaşyň talaň salar,
Beýle garagyň – gaşyňa älem geda, men hem geda.
Kadd-u-lebiň äşgär, syrly, elden alar ygtyýary,
Şeýle syryň-paşyňa älem geda, men hem geda.
Başdan aýagyň jan bolar, janlar saňa gurban bolar,
Jana, aýag – u – başyňa älem geda, men hem geda.
Her näçe atsaň ok – u – daş, aýlap gazap äleme paş,
Şol okdur daşyňa älem geda, men hem geda.
Kalplarda keşbiň görki, gözlerde kamatyň nagşy,
Suratgär – u – nakgaşyňa älem geda, men hem geda.
On dörtden ýaşyň ötüp, husnuň äleme dolup,
Bu husnuň – u – ýaşyňa älem geda, men hem geda.
Abraý saňa hemra bolar, Perwerdigär ýaran bolar,
Hemraňa hem ýaranyňa älem geda, men hem geda.
Ah-u-nalaňa, Agahi, rehm etdi gözeller şasy,
Ah-u-nalaň täsirine älem geda, men hem geda.
«ÜSTÜNE»
Galam gaşlaryň ýaýy ol çeşmi jellat üstüne,
Amal üçin «nas» getirer «nun» eltip «sod» üstüne.
Tomaşa kyl kamatyna, synla zyba jemalyny,
Gör, gunçaň gül bolanny gol ýaýyp şemşat üstüne.
Näz-u-kereşme, gamzasy öç alarlar hemişe,
Wah, munça apat bolarmy bir adamzat üstüne.
Men bir hassa, jan saklamak indi maňa müşgildir,
Jellat gözi bidat eder her pursat bidat üstüne.
Şol gül ýüzüň yşky bile şam-u-säher şeýda köňül,
Bilbil dek saýrar ýüz nagma müň nagma perýat üstüne.
Başyma ýagan gam daşynyň müňden biriçe bolmaz,
Pelek eger müň Besütün ýagdyrsa Perhat üstüne.
Eý, şah, keremli aýlarda deň tut ýaman-u-ýagşyny,
Bil, mähir nury deň düşer weýran-u-abat üstüne.
Haky tanaň, ahyrýetde iman bolar ýoldaşyň,
Seýl et Süleýman dek, tagt gurup şemal üstünde.
Agahi, mertlik bilen zybanyndan söz açar,
Ýüz hili gam hüjüm eýlär gaýgy-apat üstüne.
«ÝÜREK DERDIM OŇA DIÝDIM...»
Ýürek derdim oňa diýdim, diýme ony maňa diýdi,
Kim maňa aşyk bolsa, zerur bolar oňa diýdi.
Ýüzüňde iki nerkesiň, wah, ne bela, gara, diýdim,
Köňlüň – u – janyňy alan iki gara bela, diýdi.
Lebleriň agzyma ýetir, jan tapaýyn oňa, diýdim,
Näzli ýylgyryp bakyp, ölüm ýokmy saňa, diýdi.
Inçe biliňden guçmak köňlümiň islegi diýdim,
Ýokmy uýadyň, beýle söz diýere, baý-ba, diýdi.
Nazar aýlaýyn husnuňa, men sary gara, diýdim,
Ýaşyryban ýüzün, git, eý masgara, bihaýa, diýdi.
Lebiňden posa alaýyn, aýla maňa nazar, diýdim,
Gaş-u-garagny çytyp, goý, bu sözüň hata, diýdi.
Hergiz sergezdan eýlemegil wepa maňa, diýdim,
Äşgär ahyr, özüň haçan görkezipdiň wepa, diýdi.
Hassa köňle otlar salan bormy munça jepa, diýdim,
Jepa diýme, ol-a seniň derdiňe bor dowa, diýdi.
Agahiýniň derdine görmediň sen rowa, diýdim,
Gam taparmy janyň oňa kylmasa özün pida, diýdi.
MUHAMMET RYZA AGAHI
(Terjime eden: A.Rejepow)