logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

EZIZ DIÝARYMYZ–PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Eziz Diýarymyz–Parahatçylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar halkymyz eziz watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk şanly toýuna barýandygyny şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýändigi barada söhbet etdiler. Mundan başga-da Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz demokratik özgerişler ýoly bilen syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlaryny özünde jemleýändigini, diýarymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen okgunly öňe barýandygy barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.