logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Eziz mähribanlar ýürekden gitmez, Watan merdanlaryň baky unutmaz

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Beýik Ýeňiş gününe bagyşlap “Eziz mähribanlar ýürekden gitmez, Watan merdanlaryň baky unutmaz” atly duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Döwlet arhiwinden uruş ýyllarynda ýazylan üç burç hatlary hormatly myhmanymyz Zaharýan Robert Warastanowiç ýaş nesillere görkezdi. Bu bolsa Beýik watançylyk urşy ýyllarynda jeň meýdanyndaky esgerleriň göwnüni ganatlandyryşy dogrusyndaky ýatlamalary döreden ol üç burç hatlary öz elleri bilen görüp, okamaklary ýaş nesilleriň şu zamany arzuwlap öten pederleriň geçen şöhratly we merdana ýoly bilen tanyş bolmaklaryna esas döretdi. “Men gaýdyp gelerin” atly mekdep okuwçylarynyň goýan gysgaça sahna eserine hem tomaşa edildi. Watançy esger Berdimuhammet aganyň manyly ömür we durmuş ýoly hakdaky täsirli gürrüňler has-da özüne çekiji boldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar uruş weteranlaryna çäksiz sarpa goýýan, halkymyzy parahat asuda durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.