Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli “Eziz Watan bedew batly ösüşlere beslenýär” ady bilen “Altyn asyr seýilgähinde” söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly uly ruhybelentlige, şatlyk-şowhuna, üstünliklere beslenýändigi, ýurdumyzda alnyp barylýan giň göwrümli netijeli işler halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurduň gülläp ösmegine gönükdirilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ajaýyp döwrümiziň adyna mynasyp bagtyýarlyk döwri bolup, bu günki gün agzybir jemgyýetimiziň bagtyýarlygynyň, abadan döwletimiziň berkararlygynyň mizemezliginiň beýanyna öwrülendigi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.