logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Eziz Watan bedew batly ösüşlere beslenýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň döwlet ygtyýarlandyrylyş we hile gözegçilik merkezinde “Eziz Watan bedew batly ösüşlere beslenýär” atly göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme kitap sergisinde, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri, şeýle hem, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde gurluşyk ulgamynda gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän neşir önümleri ýerleşdirildi. Sergä gatnaşyjy myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndaky gymmatly maglumatlary okap, birek-birek bilen sowal-jogap alyşdylar.