logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

EZIZ WATAN BITARAPLYK BINÝADY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ”Eziz Watan Bitaraplyk binýady” ady bilen ýazgy edildi.

Çykyş edenler parahatsöýüjilik ýörelgesiniň halkymyzyň gadymdan şu güne getiren gymmatlykdygyny, parahatçylyk, abadançylyk ata- babalarymyzyň baş maksady bolup durýandygy hakynda nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda, parahat ýurtda işläp, zähmet çekýändigini, asuda ýaşaýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda ähli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.