logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Eziz Watan Garaşsyzlyk toýuna barýar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Eziz Watan Garaşsyzlyk toýuna barýar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýändigi, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrýandygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da belende göterilýändigi barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýetip gelýän şanly baýramymyz bolan Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna ähli türkmen halkynyň, şol sanda kitaphana ulgamynda hem uly depginde taýýarlyk görülýändigini nygtap geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdylar.