logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

EZIZ WATAN-ÝÜREKLERIŇ BUÝSANJY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwlet kitaphanasy ”Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Eziz Watan-ýürekleriň buýsanjy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler:Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk ösüş ýolunyň beýikligini, dünýä derejeli şan-şöhratyny gaýtadan ýüze çykaran buýsançly zamanadyr.Gahryman Arkadagymyzyň kemala getiren,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam edýän parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasaty ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň daýanjydyr,gazanýan ýeňişlerimiziň gözbaşydyr ,diýip nygtap geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!