logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Eziz Watanymyz Türkmenistan

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Eziz Watanymyz Türkmenistan» ady bilen surat çekmek bäsleşigi geçirildi.

Çärede ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler durmuşa geçirilip, tomus paslynda hem çagalaryň dynç alýan pursatlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi hakynda giňişleýin beýan etdiler. Çagalar surat çekmek bäsleşiginde gözel Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, ajaýyp tebigatymyzy, haýwanat dünýäsini wasp edýän suratlary çekip, eserlerinde ulanan reňkleri, many-mazmuny bilen tanyşdyrdylar. Şeýle geçirilýän çäreler ýaş nesilleriň pikirleniş, döredijilik ukybynyň ösmegine uly şertleri döredýändigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.