«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň jemleýji güni, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklary geçirildi.
Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylar Nazar baganyň, Magtymguly Garlyýewiň, Öre şyhyň, Palta bagşynyň, Baýar bagşynyň, Ilaman Annaýewiň, Akjagül Myradowanyň, Tüýli Otuzowyň, Hojamyrat Öräýewiň, Bally Mätgeldiýewiň, Kakabaý Nazarowyň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Festiwalyň ýapylyş dabarasynda halypa bagşy-sazandalar, Berkarar döwletimizde dessançylyk sungatynyň ösdürilişi, bu sungatyň dowam edip gelýän däpleri barada gyzykly çykyşlar etdiler. Şeýle hem, ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň aýdyp beren dessanlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli dessançylyk sungatynyň ýerine ýetiriliş däpleriniň ajaýyp nusgalary bolup belentden ýaňlandy.
Festiwalyň ýapylyş dabarasynda festiwala gatnaşyp üstünlikli çykyş eden dessançy bagşy-sazandalara, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ogultäç HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary