logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

FORTEPIANO SUNGATYNYŇ GELJEGI: TEJRIBE WE TÄZEÇILLIK DUŞUŞYGY

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Fortepianoda çalmagy öwretmegiň usulyýetiniň döwürleýin tapgyrlary” atly fortepiano sungatynyň ösüşine bagyşlanan ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu giň gerimli çäre, fortepiano öwretmegiň ähli basgançaklaryny- başlangyç, orta we ýokary bilimi öz içine aldy.

Maslahata ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, şol sanda Türkmen milli konserwatoriýasynyň, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýörite sungat mekdepleriniň, şeýle hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Çykyş edenler fortepiano öwretmegiň dürli ugurlary boýunça gymmatly pikirlerini paýlaşdylar. Geçirilen gyzykly söhbetdeşlikler, pikir alyşmalar fortepiano sungatynyň ähmiýetiniň diňe bir saz çalmak endiklerini ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem şahsyýetiň intellektual we ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda hem möhümdigini aýan etdi.

Maslahatda W.Koçkarýowa Sankt-Peterburg konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň usulyýet aýratynlyklaryna ünsi çekdi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti W.S.Mkrtumow fortepiano usulyýet garaýşynyň aýratynlyklaryny beýan etdi. Ş.Allabaýewa ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde okatmagyň usulyýeti dersiniň esasy maksatlaryny düşündirdi. A.Annaýewa başlangyç bilim döwründe fortepiano tehnikasyny ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. L.Türjanowa “skaffolt” usulyýeti esasynda wizual algoritmleri we kartoçkalary ulanyp, pianinoçynyň özbaşdak taýýarlygyny kämilleşdirmegiň ýollaryny görkezdi. S.Mämmedow we G.Ýuldaşewa tehnikanyň üstünde işlemekde hereket apparatynyň we gammalaryň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. N.F.Pälwanowa fortepiano ýerine ýetirijilik sungatynda nota boýunça ýüzugra okamak dersiniň wajyp meselelerini gozgady. E.G.Nuryýewanyň ýolbaşçylygynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyplary fortepiano öwretmegiň başlangyç okuw kitaplarynyň häzirki döwürde ösüşi we sazly oýunlar, animasiýalar arkaly okuwyň kämilleşdirilmegi barada çykyş etdiler. M.N.Orazowa fortepiano usulyýetinde intellektual ösüşiň ähmiýetini nygtady.

Maslahatyň dowamynda fortepiano usulyýet garaýşynyň aýratynlyklary, fortepiano tehnikasyny ösdürmegiň ähmiýeti, fortepiano ýerine ýetirijilik sungatynda nota boýunça ýüzugra okamak, fortepiano öwretmegiň başlangyç okuw kitaplarynyň häzirki döwürde ösüşi we kämilleşdirilişi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Aýgözel NURMÄMMEDOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Ýörite fortepiano” hünäriniň I ýyl talyby